«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer

  • 23.03.2026 05:13
  • 1.6k+

Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär.

Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy. Filmiň režissýory we prodýuseri hökmünde «Paddingtonyň başdangeçirmeleri» (2014), «Paddingtonyň başdangeçirmeleri 2» we «Wonka» (2023) filmleri, şeýle hem «Maýti Buş» serialy bilen tanalýan Pol King çykyş eder.

Ol dramaturg we ssenariçi Stiwen Lewenson bilen bilelikde ssenariý ýazmak işi bilen hem meşgullanar. Film kompýuter grafikasynyň kömegi bilen düşüriler.

Labubu personažy 2015-nji ýylda suratkeş Kasing Lung tarapyndan döredildi. 2019-njy ýylda Pop Mart dürli reňkli Labubu brelok-oýunjaklaryny çykaryp başlady.

Labubu — towşan gulakly we dişlerini görkezip, giňden ýyrşaryp duran nägehan şekilindäki ýumşak oýunjakdyr. Breloklar garaşylmadyk sowgat gutularynda satylýar, resmi dükanlarda hakyky oýunjaklaryň bahasy 17 funt sterlingden (22 dollar) başlanýar. Olar 2025-nji ýylda blogerleriň we tanymal şahsyýetleriň kömegi bilen giň meşhurlyga eýe boldy.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....