Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Sarahs" ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi

  • 25.07.2024 22:36
  • 16k+

 

22-nji iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet Sarahs ýörite ykdysady zolagy bolan “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy. Bu barada Eýranyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.


Bu meýdan tanyşlygynda Sarahs serhet geçelgesindäki gatnawyň ýagdaýyny öwrenmek bilen bir hatarda, gatnawlary aňsatlaşdyrmagyň we bolup biläýjek kynçylyklary aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşmak maksady bilen sebitiň müdirleriniň we jogapkär ýolbaşçylarynyň, şonuň ýaly hem ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Sarahs serhet geçelgesi bilen ýerinde tanyşlyk Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň we ilçihananyň ykdysady hünärmenleriniň Türkmenistan bilen öözara serhetdäki gözegçilik-geçiriş nokatlary bilen meýdan tanyşlyklary zynjyrynyň dowamy hökmünde amala aşyryldy. soňky aýlarda Lotfabad we Bajgiran serhet geçelgelerine hem şuňa meňzeş tanyşlyk saparlary amala aşyryldy. Iki ýurduň arasyndaky ähli bilelikdäki gözegçilik geçiriş ýerlerine tanyşlyk saparlaryny döwürleýin esasda amala aşyrmak öňküsi ýaly häzir hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gün tertibinde durýar.    


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....