Türkmen olimpiýaçylary Pariže geldiler

  • 24.07.2024 13:13
  • 11k+

23-nji iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary Pariž şäherine geldiler. Howa menzilinde türkmen wekiliýeti dabaraly garşylandy.

Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri we meýletinçiler gatnaşdylar.
Türkmen türgenleri 26-njy iýulda başlanyp, Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sportuň dört görnüşi – agyr atletika, dzýudo, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşarlar.
Pariž şäherine ugramagyň öňüsyrasynda, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenlerini XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......