«Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy» awtobuslary sargyt etmegiň nyrhlaryny aýtdy

  • 23.07.2024 18:12
  • 29k+

«Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy» sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Bu barada bildiriş "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Bellenilişi ýaly, edara-kärhanalar we raýatlar aşakdaky nyrhlardan awtobuslary sargyt edip bilerler:

  • 2020-nji ýylda öndürilen awtobuslaryň her bir sagady üçin 165 (bir ýüz altmyş bäş) manat möçberinde töleg alynýar.
  • 2009-2012-2017-nji ýyllarda öndürilen awtobuslaryň her bir sagady üçin bolsa 150 (bir ýüz elli) manat möçberinde töleg alynýar.

«Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy» sargytlaryň azyndan 24 sagat öňünden edilmelidigini ýatladýar.
Awtoulagyň garaždan çykyp sargyt edilen ýere çenli we sargydy tamamlap garaža çenli geçen aralygy üçin goşmaça töleg alynýar.
Şeýle hem sargyt üçin töleg öňünden alynýar.
Habarlaşmak üçin:
+993 65 55 38 50;
44 33 40.


şu gün 10:10
1.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.7k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......