Müsürli arheologlar Nil derýasynyň düýbünden faraonlaryň şekillerini tapdylar

  • 23.07.2024 19:27
  • 15k+

Nil derýasyna suwasty ekspedisiýa wagtynda fransuz we müsürli arheologlaryň topary faraonlaryň we ieroglifleriň şekilleri bolan gowak suratlaryny tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan  Live Science habar berýär.

Suratlaryň gowy saklanandygy bellendi.
Tapyndy Asuan şäheriniň golaýynda, 1960-70-nji ýyllarda Asuan gidroelektrik toplumynyň gurluşygy wagtynda suw basan sebitde tapyldy.  ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda suw joşmazyndan ozal arheologiki gymmatlyklaryň köpüsi göçürildi, ýöne göçürilmän galan artefaktlar hem bardy.
Asuan Gadymy Müsüriň günorta serhediniň golaýynda ýerleşip, bu ýerde möhüm ybadathanalar, şol sanda Ramzes II-niň (b.e. öňki 1279–1213-nji ýyllarda höküm sürüpdir) 21 metrlik dört heýkeli bolan Abu Simbel ýerleşipdir. Şeýle hem bu sebitde biziň eýýamymyzyň 394-nji ýylynda iň soňky Müsür ieroglif ýazgysy ýazylan Filanyň ybadathana toplumy ýerleşipdir.
Tapyndy barada jikme-jik maglumat entek köpçülige mälim edilmedi, arheologlar barlaglary dowam edýärler.


şu gün 10:51
35

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....