Springstin taryhda baýlygy 1 milliard dollardan geçen 4-nji sazanda boldy

  • 22.07.2024 21:38
  • 5.2k+

74 ýaşly amerikan aýdymçysy Brýus Springstin Forbes-iň baha bermegi boýunça baýlygy milliard dollara barabar bolan dördünji sazanda boldy. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, sazandanyň gymmaty 1,1 milliard dollarlyk aktiwleri bar.

Springstiniň baýlygynyň aglaba bölegi - 50 ýyllyk karýerasynda ýazan 300-den gowrak aýdymynyň katalogydyr. 2021-nji ýylda şahyrana tekstli rok aýdymlary bilen tanalýan aýdymçy öz kompozisiýalaryna hukuklaryny öňden gelýän hyzmatdaşy, leýbl Columbia Records-a 500 million dollara satdy. Bu taryhda trek satyn almak boýunça iň uly geleşik boldy.
Şeýle-de, Springstin köp gastrolda bolýar. 2023-nji ýylda 1,6 million bilet satyp, 380 million dollar gazanan The E Street Band topary bilen dünýä syýahatyna ugrady. Şu günki güne çenli toparyň çykyşlarynyň tertibi indiki ýylyň iýulyna çenli düzülen.
Mundan başga-da, Springstin dünýäde albomlarynyň 140 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy.
Springstin ýigrimi gezek “Gremmi” baýragyny, şeýle-de, “Oskar” baýragyny, iki sany “Altyn globus”-y we ýörite “Toni” baýragyny aldy.
Ondan başga-da, milliarder sazandalaryň sanawynda Jay-Z (2,5 milliard dollar), Rianna (1,4 milliard dollar) we Teýlor Swift (1,3 milliard dollar) bar. Kanýe Uest Adidas bilen 1,5 milliard dollarlyk şertnamasyny ýitirenden soň, sanawdan aýryldy.


şu gün 00:07
935

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......