Kosmosda tagam alyş üýtgeýär: alymlar munuň sebäbini öwrenýärler

  • 22.07.2024 16:13
  • 9.8k+

Orbitada iýmitiň tagamy Ýerdäki ýaly tagamly görünmän biler. Kosmonawtlar Ýeriň daşynda iýmitiň tagamynyň şor duýulýandygyny aýdýarlar. Şol sebäpli olara bedeniň gündelik talap edýän iýmitini almak kynlaşýar.

Melburnyň Patyşalyk Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary kosmosda tagam reseptorlarynyň üýtgemeginiň birnäçe faktorlar bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.
International Journal of Food Science and Technology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, kosmonawtlaryň ýalňyzlygy we üzňeligi iýmitiň ysyny almagyna we tagamyny duýuşlaryna täsir edip biler.
Barlagçylar waniliň, badamyň we limonyň efir ýagynyň yslarynyň Halkara kosmos stansiýasynda nähili kabul edilýändigini barlamak islediler. Munuň üçin meýletinçileri HKS-y simulýasiýa edýän şertli ýere ýerleşdirdiler. Synaga gatnaşyjylara wirtual hakykat garniturasyny hem geýdirdiler.
Netijede, meýletinçiler limonyň tagamynyň üýtgewsiz galandygyny, waniliň we badamyň tagamlarynyň bolsa has güýçlenendigini habar berdiler. Alymlar olardan benzaldegid tapdylar. Bu süýji ysly himiki maddadyr.


Alymlar: "Ýalňyzlyk we üzňelik duýgusynyň ýokarlanmagy hem rol oýnap biler we bu gözleg izolirlenen adamlaryň iýmitiň ysyny we tagamyny nähili kabul edýändigini görkezýär" – diýip nygtadylar.
Ýene bir faktor agramsyzlykdyr. Ýer bilen deňeşdirilende üýtgän dartyş güýji suwuklygy bedeniň aşaky böleklerinden ýokarsyna galdyrýar. Şol sebäpli ýüz çişýär we burun dykylýar. Şeýle üýtgeşmeler ys alyş we tagam biliş duýgusyna täsir edýär. Kosmonawtlar şeýle alamatlaryň HKS-na barandan birnäçe hepde geçensoň ýok bolýandygyny, ýöne şonda-da iýmiti öňküsi ýaly duýup bilmeýändiklerini  aýdýarlar.
Barlagyň awtorlary alnan maglumatlaryň kosmonawtlar üçin has ýakymly iýmitleri ösdürmäge kömek etjekdigine ynanýarlar, bu kosmosda uzak möhletli işler geçirilende aýratyn möhümdir. Barlagyň netijeleri Ýerde sosial izolýasiýany başdan geçirýän adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin hem ulanylyp bilner.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....