Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 22.07.2024 08:49
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Nguýen Fu Çonguň aradan çykmagy zerarly Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama we ýurduň ähli halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

“Nguýen Fu Çong görnükli partiýa ýolbaşçysy we döwlet işgäri bolmak bilen, Wýetnamyň abadançylygy, gülläp ösmegi ugrunda uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Nguýen Fu Çong 19-njy iýulda 81 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary uzak wagtlap agyr hassa bolup ýatypdyr.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....