Xiaomi SU7 Ultra elektromobilini hödürledi: 350 km/sag we 1,97 sekuntda 100 km/sag

  • 20.07.2024 22:42
  • 4.4k+

Xiaomi diňe bir täze smartfonlaryny we dakylýan gurluşlaryny däl, eýsem SU7 elektrik sedanynyň iň ýokary görnüşini hem hödürledi.

SU7 Ultra elektrik giperkary V6s hereketlendirijisi bilen üsti ýetirilen iki sany V8s hereketlendirijisine eýe boldy – ulgamyň umumy kuwwaty 1548 at güýjüne barabar.
Elektromobiliň haýran galdyryjy tehniki aýratynlyklary bar:

  • 100 km/sag çenli bat alyş: 1,97 sekunt
  • 200 km/sag çenli bat alyş: 5,96 sekunt
  • 300 km/sag çenli bat alyş: 15,07 sekunt
  • Iň ýokary tizlik: sagatda 350 km-den gowrak
  • Tormoz ulgamy: 6-nokatly support bilen AP Racing
  • 100 km/sag-dan tormoz ýoly: 25 metr

Xiaomi SU7 Ultra dünýäde CATL Kirin II çekiş batareýaly ilkinji elektromobildir. Döredijiler aerodinamika aýratyn üns berýärler: iň ýokary basma kuwwaty 2145 kg ýetýär – bu bolsa awtoulagyň öz agramyndan (1900 kg) hem ýokary geçýändir.
Awtoulagyň kuzow panelleriniň doly derejede uglerod süýüminden ýasalandygy bellenilýär. Modeliň elýeterliligi we bahasy barada maglumatlar heniz aýan edilmedi.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....