Türkmenistanyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Rumyniýanyň diplomatik edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 20.07.2024 22:05
  • 8.3k+

Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku bilen duşuşdy.

Taraplar syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýagdaýy we geljegi, şeýle-de halkara gün tertibiniň meseleleri barada pikir alyşdylar. Rumyn tarapy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ony Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş diýip atlandyrdy.

Geňeşmeleriň dowamynda, aýratynam, energetika, ulag, aragatnaşyk, bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meselesi gozgaldy. Türkmenistan, Rumyniýa, Azerbaýjan we Gruziýa tarapyndan işlenip taýýarlanan Gara deňiz – Hazar deňzi ulag geçelgesiniň taslamasyna aýratyn üns berildi.
Rumyn tarapy Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegi goldaýandygyny aýtdy.


şu gün 13:44
1.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....