Türkmenistanly talyplar we mugallymlar Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçýärler

  • 20.07.2024 09:45
  • 8.2k+

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary 1-nji iýuldan 21-nji iýul aralygynda Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň kompýuter tehnologiýalary fakultetinde, şeýle hem bu uniwersitet bilen hyzmatdaşlyk edýän «Tenaris», «Bosch» и «Emerson» halkara kompaniýalarynyň önümçilik binalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Iş saparynyň maksady – talyplaryň telekommunikasiýa, awtomatlaşdyryş, programmirleme we kompýuter ulgamlaryndaky hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakdyr.
Türkmen talyplary Rumyniýada alyp barýan häzirki okuwlarynyň çäklerinde «Tenaris», «Bosch» и «Emerson» halkara kompaniýalarynda öndürilen telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň nusgalary, önümleriň esasy aýratynlyklary we dizaýn özboluşlylygy, tehnologiki ylmy-barlag toplumlaryny dolandyrmak boýunça programma üpjünçiligi bilen jikme-jik tanyşýarlar.
Tejribe maksatnamasynda okuw merkezlerine we kompaniýalaryň önümçilik binalaryna baryp görmek hem-de tanyşmak, olaryň hünärmenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Talyplar önümçiligiň tehnologik işi, işleri awtomatlaşdyrmagyň usullary bilen tanyşýarlar we kompaniýanyň önümlerini taýýarlamagyň doly tapgyryna gatnaşýarlar.
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdebinde önümçilik tejribeliginiň geçilmegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk barada ylalaşygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.


düýn 23:39
493

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......