Туркменистан будет представлен на Олимпиаде в Париже в 4-х видах спорта

  • 20.07.2024 01:30
  • 9.3k+

Şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan 19 adamdan ybarat sport wekiliýeti gatnaşar.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň ýygyndy toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysynyň çakylygyna laýyklykda, Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzdan türgenler sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini ugratmak dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, 22-nji iýulda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň, talyp ýaşlaryň  gatnaşmagynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna bu möhüm çäräni geçirmek babatda birnäçe teklipler hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyny dabaraly ugratmak çäresine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Начало пути в Лос-Анджелес-2028: 16 туркменских дзюдоистов отправились в Улан-Батор

С 19 по 21 июня в Улан-Баторе (Монголия) пройдет престижный турнир Большого шлема по дзюдо. Как сообщается на официальном сайте Международной федерации дзюдо (IJF) в соревнованиях примут участие 454 атлета из......

17.06.2026 13:03
17k+

Экс-капитан сборной Туркменистана назвал фаворитов ЧМ и рассказал, кого поддержит сам

Один из самых ярких и узнаваемых футболистов региона, бывший капитан национальной сборной Туркменистана Арсланмурад Аманов поделился своими мыслями о чемпионате мира 2026 года. В беседе с корреспондентом......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Туркменские каратисты взяли золото и бронзу турнира Молодёжной лиги в Маниле

Спортсмены из Туркменистана завоевали золотую и бронзовую медали на престижном международном турнире мировой серии «Молодёжная лига карате1», который прошёл в столице Филиппин — Маниле....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8-летний туркменский теннисист завоевал два золота на турнире в Казахстане

Восьмилетний теннисист из Туркменистана Алихан Нурягдыев завоевал две золотые медали на международном турнире «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8», который проходил с 25 по 30 мая в казахстанском Актобе....