Pariždäki Olimpiadada 58 ýaşly türgen çykyş eder

  • 20.07.2024 08:38
  • 5.3k+

Çiliniň 58 ýaşly asly hytaýly wekili Çžiin Szen Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda stol tennisi ýaryşynda öz ýurduna wekilçilik eder. Bu barada Tengri Sport habar berýär.

Türgen tennis oýnuna dokuz ýaşynda Hytaýda başlaýar. Çilä göçenden soň, 2022-nji ýylda stol tennisi bilen professional derejede meşgullanyp başlaýar we ýerli ýaryşlara gatnaşýar. Ol ähli ýaryşlarda ýeňiji bolýar, soňky ýyl bolsa milli ýygyndynyň düzümine goşulyp, halkara ýaryşlarynda ýurda wekilçilik edip başlaýar
Çžiin Szen 2023-nji ýylda Santýagoda geçirilen Panamerikan oýunlarynyň bürünç medalyny gazanyp, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ygtyýarnama aldy. Fransiýadaky Oýunlar tennisçi üçin ilkinji Olimpiýa oýunlary bolar.


26.06.2026 20:10
9.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....