FIFA-nyň täzelenen reýtingi: Argentina çür başynda, Ispaniýa üçlüge girdi

  • 18.07.2024 22:54
  • 15k+

Möwsümiň iki ýaryşynyň – Ýewropa çempionatynyň we Kopa Amerikanyň tamamlanmagy netijesinde FIFA milli toparlaryň reýtingini täzeledi.

Kopa Amerikanyň ýeňijisi Argentina öňdebaryjylygyny saklady. Onuň hasabynda 1901,48 utuk bar. Ýewro ýaryşynyň ýarym finalynda Ispaniýadan utulan Fransiýa 1854,91 utuk bilen ikinji orunda saklandy. Angliýany utup, Ýewropa çempiony titulyna eýe bolan Ispaniýa 1835,67 utuk bilen sekizinji orundan üçünji orna çykdy.
Angliýa dördünji orny eýeledi. Braziliýa Kopa Amerikanyň dörtden bir finalynda Urugwaýdan utulandan soň bäşinji orna düşdi.

  1. Argentina - 1901,48
  2. Fransiýa - 1854,91
  3. (8). Ispaniýa - 1835,67
  4. (5). Angliýa - 1812,26
  5. (4). Braziliýa - 1785,61
  6. (3). Belgiýa - 1772,44
  7. Niderlandlar - 1758,51
  8. (6). Portugaliýa - 1741,43
  9. (12). Kolumbiýa - 1727,32
  10. Italiýa - 1714,29

Belläp geçsek, reýtingde iň uly ösüşi Amerikanyň Kubogynyň dörtden bir finalyna çykandan soň, 17 setir ýokary galyp, 37-nji orny eýelän Wenesuela görkezdi. Ösüş boýunça onuň yzyndan Türkiýe gelýär. Ýewro-nyň dörtden bir finala çykyş onuň 16 setir ýokary galyp, 26-njy orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Kanada hem ýaryşda üstünlikli çykyşy netijesinde sekiz orun ýokary galyp, 40-njy orunda ýerleşdi. 
Çehiýa Ýewro-2024-de şowsuz çykyşy sebäpli 13 setir aşak düşüp, 47-nji orunda ýerleşdi – bu reýtingde iň uly pese gaçyşdyr. Şotlandiýa ýaryşyň toparlaýyn tapgyryndan çykandan soň dokuz orun – 48-nji orna çenli aşak düşdi.
Türkmenistan reýtingde 1065,42 utuk bilen öňki ornunda galdy (144).


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......