“Emmi” baýragyna dalaşgärler belli boldy: “Sýogun” we “Aýy” nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy

  • 18.07.2024 22:03
  • 5k+

76-njy “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary baýraga dalaşgärleri yglan etdiler. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 15-nji sentýabrda ABC telekanalynda göni ýaýlymda geçiriler.

Şeýlelikde, iň köp nominasiýany “Sýogun” (25), “Aýy” (23) we “Bir binadaky ölüm” (21) aldy. “Hakyky detektiwiň” dördünji möwsümi 19 kategoriýada, “Täç” serialynyň ahyrky möwsümi bolsa 18 kategoriýada dalaşgär görkezildi. Netflix-iň iň meşhur şoularynyň biri bolan “Sugun çagasy” bolsa 11 nominasiýada hödürlendi.
Iň gowy drama serialy: “Täç” (Корона), “Follaut”, “Altyn çaýylan asyr” (Позолоченный век), “Irdenki şou” (Утреннее шоу), “Jenap we hanym Smit” (Мистер и миссис Смит), “Sýogun” (Сёгун), “Haýal atlar” (Медленные лошади), “Üç jisim meselesi” (Задача трех тел).
Iň gowy komediýa serialy: “Ebbott” başlangyç mekdebi” (Начальная школа “Эбботт”), “Aýy” (Медведь), “Höwesiňizi gowşadyň” (Умерь свой энтузиазм), “Hileler” (Хитрости), “Bir binadaky ölüm” (Убийства в одном здании), “Palm-Roýal”, “Rezerwasiýa itleri” (Псы резервации), “Kölegede näme işleýäris” (Чем мы заняты в тени).
Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa: “Sugun çagasy” (Олененок), “Fargo”, “Himiýa sapaklary” (Уроки химии), “Ripli”, “Hakyky detektiw” (Настоящий детектив).
Drama serialynda iň gowy aktrisa: Jennifer Eniston (“Irdenki şou”), Kerri Kun (“Altyn çaýylan asyr”), Maýýa Erskin (“Jenap we hanym Smit”), Anna Sawai (“Sýogun”), Imelda Stonton (“Täç”), Riz Wizerspun (“Irdenki şou”).
Drama serialynda iň gowy aktýor: Idris Elba (“Basylyp alnan uçar”/Захваченный рейс), Donald Glower (“Jenap we hanym Smit”), Wolton Goggins (“Follaut”), Geri Oldman (“Haýal atlar”), Hiroýuki Sanada (“Sýogun”), Dominik West (“Täç”).
Esasy kategoriýalarda dalaşgärleriň doly sanawyny şu ýerde görüp bilersiňiz.
Ýatlap geçsek, 75-nji “Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda iň gowy drama serialy “Mirasdüşerler” (Наследники) boldy. Bu serialda oýnan Sara Snuk we Kiran Kalkin bolsa drama serialynda iň gowy aktrisa we aktýor diýlip ykrar edildi.


düýn 23:58
459

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
8.7k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
5.9k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....