“Emmi-2023” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 17.01.2024 11:35
  • 8.2k+

“Mirasdüşerler” we “Aýy” seriallary “Emmi” baýragynyň 75-nji gowşurylyş dabarasynda alan baýraklarynyň sany boýunça öňdebaryjylar boldy. Bu baýrak telewizion sungatynda gazanylan üstünlikler üçin berilýär. Sanaw bäsleşigiň saýtynda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

“Mirasdüşerler” serialy “Iň gowy drama serialy”, “Drama serialynda iň gowy aktýor” (Kiran Kalkin), “Drama serialynda iň gowy aktrisa” (Sara Snuk) we “Drama serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor” (Mettýu Makfedien) nominasiýalarynda tapawutlandy.
“Aýy” serialy “Iň gowy komediýa serialy”, “Komediýa serialynda iň gowy aktýor” (Jeremi Allen Uaýt), “Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor” (Ebon Moss-Bakrak) we “Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktrisa” (Aýo Edebiri) nominasiýalarynda baýraga eýe boldy.
Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa hökmünde ýeňiji “Garpyşyk” boldy, ol iň gowy aktýor (Stiwen Ýan) we aktrisa (Ali Wong) üçin hem heýkeljiklere mynasyp boldy. Şeýle-de, “Ak lotos”, “Ebbott” başlangyç mekdebi”, “Gara guş” we “Nägehan: Jeffri Dameriň wakasy” seriallary hem dürli nominasiýalarda bir baýraga eýe boldular.
“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 15-nji ýanwarda geçirildi.

düýn 23:54
1.1k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
908

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....