"Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024" Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy

  • 18.07.2024 11:45
  • 4.2k+

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024” (OGT 2024) 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy. Forum 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu giň gerimli çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşirinde habar berilýär.

Guramaçylaryň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, energetika sektoryny durnukly ösdürmek hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek boýunça sebit gatnaşyklaryny berkitmek maslahatyň maksady bolup durýar.
Forumyň çäklerinde işewür duşuşyklar we çäreler geçiriler, olar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda täze maýagoýum taslamalary, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlary, ýataklarda nebitiň we gazyň çykarylyşyny amatlaşdyrmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz bloklaryny işläp taýýarlamak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde ekologiýa talaplary barada geljekki maýadarlaryň habarlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde tematiki mejlisleri geçirmek meýilleşdirildi. Umumy mejlisde dünýäniň energetika bazarynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem esasy trendleri we maýa goýum mümkinçilikleri bilen energetika özgerişligi  üçin çig mal harytlary hakynda çykyşlar diňleniler.
Energetika özgerişliginde tehnologik innowasiýalaryň we adam maýasynyň ornuna, şol sanda pes uglerodly ýangyç bolup durýan tebigy gazyň möhüm ornuna aýratyn üns berler.
Degişli mejlisler uglewodorod ýataklary işlenip taýýarlanylanda ekologiýa talaplary açyp görkezer, olar metanyň we kömürturşy gazynyň (CO2) zyňyndylaryny azaltmaga, şeýle hem energiýanyň alternatiw çeşmeleri babatda täze taslamalar arkaly tebigy serişdelerden girdejiniň alynmagyny çaltlandyrmaga gönükdirilendir.
OGT-2024 forumyna gatnaşyjylary bellige almak 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Guramaçylar bellige alynan gatnaşyjylaryň hemmesine wiza bilen bagly meselelerde kömek goldawyny üpjün ederler.
Has giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com saýtynda alyp bilersiňiz.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......