Timoti Şalame täze filmde stol tennisi boýunça çempionyň keşbini ýerine ýetirer

  • 18.07.2024 11:02
  • 2.4k+

Timoti Şalame stol tennisi boýunça professional oýunçy Marti Reýsman barada gürrüň berjek täze “Marty Supreme” filminde baş keşbi ýerine ýetirer. Bu barada Variety habar berýär.

Filmiň režissýory bolup “Gyraňlanmadyk almaz” («Неограненные алмазы») we “Gowy wagt” («Хорошее время») filmleri bilen belli bolan Joş Sefdi çykyş eder. Ol ssenariýany Ronald Bronşteýn bilen awtordaşlykda ýazdy.
Joş Sefdi öňki filmleriniň birnäçesine dogany Benni Sefdi bilen bilelikde režissýorlyk etdi. Indi doganlar ýekelikde taslamalara başladylar. Marty Supreme – 2008-nji ýylda ilkinji gezek özüni görkezip başlany bäri Joş Sefdiniň ilkinji ýekelikdäki doly metražly režissýorlyk işidir.
Şalame doganlar Sefdileriň işine öňden bäri haýran galýar, ol hatda 2019-njy ýylda olaryň “Gyraňlanmadyk almaz” trilleri barada esse ýazdy. Täze filmde ol diňe bir aktýor hökmünde däl, eýsem taslamanyň prodýuseri hökmünde-de çykyş eder. A24 studiýasy filmiň üstünde işlenip başlanandygyny tassyklady.
Şalameniň aktýorlyk zehinini we Sefdiniň režissýorlyk tejribesini göz öňünde tutup, taslama uly gyzyklanma bilen garaşylýar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....