Serdar Berdimuhamedow ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi

  • 18.07.2024 00:08
  • 3.7k+

17-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow  Birleşen Milletler  Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

“Biz ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda çagalaryň we ýaşlaryň abadançylygyna gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris.
Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz 2021-2025-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen 10 sany ýyllyk iş meýilnamasyna gol çekildi. Bu resminamalar, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak, iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we inklýuziw bilim almagy babatda hyzmatdaşlygy öz içine alýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Ýurdumyzda iýmitiň hilini ýokarlandyrmak we çagalaryň irki ösüşini goramak boýunça hem köp işler ýerine ýetirildi.
Söhbetdeşler  bilelikdäki işiň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, çagalara immunizasiýa etmek üçin sanjym serişdelerini we enjamlary satyn almakda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini aýratyn bellediler.


11.06.2026 22:20
6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....