HGI-niň uçurymy GDA-nyň Ýaş halkaraçylarynyň bäsleşiginiň finalyna çykdy

  • 17.07.2024 23:46
  • 5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklar fakultetinde okan Serdar Rahimow GDA-nyň ýaş halkara gatnaşykçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň finalyna çykdy. Bu barada, “Türkmenistan: Altyn asyr” onlaýn neşirini habar berýär.

Bäsleşikde halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa we halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Umyt Annagylyjowa hem üstünlik gazandylar. Olaryň üçüsine-de diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry, şul aý Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa institutynda we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler. Jemleýji tapgyryň çäginde finalçylaryň Forumy geçiriler.

Bäsleşik birnäçe nominasiýalar boýunça geçirilýär: ylmy makalalar, esse we talyplar üçin başlangyç nominasiýa. Finalçylaryň işleri makalalaryň ylmy ýygyndysynda çap ediler, ýeňijileriň işleri bolsa, Ýokary attestasiýa komitetiniň sanawyna girizilenleri goşmak bilen öňdebaryjy akademiki žurnallarda çap ediler. Ýeňijilere gymmatly baýraklar gowşurylar.
GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşigi 2018-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.


13.06.2026 18:59
4.8k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.7k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.9k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......