Xiaomi özbaşdak awtomobil önümçiligi üçin ygtyýarnama aldy

  • 16.07.2024 15:20
  • 5.9k+

Xiaomi kompaniýasy awtomobilleri özbaşdak öndürmek üçin ygtyýarnama aldy. Bu barada Hytaýyň Senagat we söwda ministrligine salgylanyp, carnewschina habar berýär. Mundan öň kompaniýa awtoulaglary BAIC hytaý korporasiýasy bilen bilelikde çykarýardy.

Hyzmatdaşyň üýtgemegi awtomobilleriň logotipine-de täsirini ýetirdi: Xiaomi-niň saýtynda SU7 modeliniň dört sany täzelenen görnüşi peýda boldy (XMA7000MBEVR2, XMA7000MBEVR3, XMA7000MBEVR5 we XMA7000MBEVA1). Olaryň aýratynlyklary üýtgemedi, ýöne yz tarapdaky logotip Beijing Xiaomi-den diňe Xiaomi-ä üýtgedi.
Öň, täze energiýa çeşmelerinde (NEV) işleýän awtomobilleri öndürmek üçin BAIC New Energy, Changjiang Automobile, Chery New Energy, JAC Volkswagen we Changhe Suzuki ýaly diňe 16 kompaniýa/brend tassyklanypdy.
Iýun aýynda Xiaomi müşderilere 10 000-den gowrak awtomobil iberdi we iýul aýynda üpjünçiligiň 10 000-den gowrak bolmagyna garaşýar. Deňeşdirmek üçin: maý aýynda 8630 birlik SU7 modeli satyldy, aprel aýynda – 7058 birlik.


26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.6k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....