Aýda wagt Ýere garanda çalt geçýär: astronomlar tapawudy ölçediler

  • 16.07.2024 14:34
  • 9.8k+

NASA ylmy-gözleg merkeziniň gözlegçiler topary Aýda wagtyň Ýer bilen deňeşdirilende birneme çalt geçýändigini kesgitledi. Tapawut asman jisimleriniň grawitasiýa täsiri we hereket tizligi bilen baglanyşyklydyr diýlip, Phys.org neşirinde ýerleşdirilen makalada aýdylýar.

Kaliforniýa tehnologiýa institutynyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň hünärmenleri Gün ulgamynyň barisentrik koordinatlar sistemasy bilen Ýeriň üstüniň arasynda wagtyň üýtgeýşi baradaky maglumatlary ulandylar. Alymlar Aý üçin şeýle parametri hasapladylar.
Ylmy gözleg bir gije-gündiziň dowamynda Aýyň üstünde wagtyň Ýere garanda 0,0000575 sekunt çalt geçýändigini görkezdi.
Bu 274 ýylda Aýda adamyň (elbetde, gipotetik taýdan) Ýerdäki bilen deňeşdirilende 5,75 sekunt köp garrajakdygyny aňladýar. Tapawut o diýen uly bolmasa-da, ol Ýer bilen Aýyň arasyndaky aralygy kesgitlemekde, aýratynam, hemra aragatnaşygy ulanylanda, bökdençliklere getirip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....