Tesla Model 3-iň iň arzan görnüşini hödürledi

  • 15.07.2024 21:17
  • 5.3k+

Tesla kompaniýasy elektrik ulag öndürijisiniň hatarynda iň arzany boljak Model 3-iň täze wersiýasyny hödürledi. Elektrik ulaglaryna salynýan federal salgyt karzy ulanylandan soň, esasy komplektasiýasynyň bahasy 34 990 dollar diýip, IXBT ýazýar.

Täze, yzky tekeri hereketli Tesla Model 3 Long Range 580 km ýöreýiş ätiýaçlygyny hödürleýär, onuň iň ýokary tizligi 200 km/sag we 0-dan 96 km/sag tizlige 4,9 sekuntda çykýar.
Tesla ulag eýeleriniň bäş ýylyň dowamynda benzinde 5000 dollar töwereg tygşytlajakdygyny we şol döwre çenli awtoulagyň hakyky bahasynyň 30 000 dollara çenli azaljakdygyny tassyklaýar.
Model 3-iň täze wersiýasy ABŞ-da iýul-awgust aýlarynda satylyp başlanar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......