Arkadag şäherinde “akylly” demirýol menzili gurlar

  • 14.07.2024 16:18
  • 34k+

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şäheriň ikinji tapgyrynda binalary we desgalary gurmak hakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleridir «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga gurluşyk» hususy kärhanalaryna ynanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ikinji tapgyrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda täze demir ýol menzilini gurmak «Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanyldy.
Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek gurulmagy meýilleşdirilýän «akylly» demir ýol menziliniň 2 gatly binasynyň beýikligi 20 metr bolup, sagatda 50 ýolagça hyzmat eder. Onda «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän habar beriji elektron tablolar ýerleşdiriler, «akylly» wideogözegçilikler ornaşdyrylar.
Perronyň üçekleri howa şertlerine baglylykda özi açylar we ýapylar. Ýolagçylar üçin myhmanhana, saglyk nokady bolar. Demir ýol menziliniň düzüminde tehniki hyzmat ediş binasy, bassyrmaly awtoduralga, köpri, açyk awtoduralgalar, ýöriteleşdirilen tehnikalar üçin garaž gurmak göz öňünde tutulýar.


düýn 20:55
1.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......