Arheologlar Peruda çäge aňňatlarynyň astyndan 5000 ýyllyk syrly ybadathana tapdylar

  • 14.07.2024 09:42
  • 8.4k+

Perunyň demirgazyk-günbataryndaky Zanýa sebitinde arheologlar kolumbdan öňki döwür diýilýän eýýama degişli 5000 ýyllyk ybadathana toplumynyň galyndylaryny tapdylar diýip, LiveScience habar berýär.

3-nji iýunda başlanan gazuw-agtaryş işleri köp gatly ybadathananyň diwarlarynyň galyndylarynyň tapylmagyna sebäp boldy. Diwarlaryň arasyndan üç uly adamyň galyndylary tapyldy. Alymlar tapyndylary öwrenenden soň, munuň gurban berilýän ýer bolup biljekdigini öňe sürdüler.
Ybadathananyň diwarlary palçykdan ýasalyp, adam jesetleri, guşuň kellesi, süýrenijileriňki ýaly dyrnakly we pişik pisint jandarlary şekillendirýän çylşyrymly frizler bilen bezelipdir. Diwarlaryň ýokarky bölekleri nakgaş suratly ýuka suwag bilen örtülipdir.
Arheologlar ybadathanadan başga-da, Moçe döwrüne (biziň eýýamymyzyň 600-700-nji ýyllary) degişli ýene bir ýadygärligi tapdylar. Moçe medeniýeti ybadathanalary we sungat eserleri bilen tanalýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....