IQ derejäň peselmegi, ruhy çökgünlik, üzňelik: Internete baglylyk nämelere getirip biler? Alymlaryň jogaby

  • 12.07.2024 11:27
  • 5.9k+

Häzirki wagtda Internet we sosial ulgamlar durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Adamlar çagalygyndan gajetleri ulanmagy öwrenýärler we Internete ir aralaşyp başlaýarlar. San maglumatlaryna görä, Internet dünýäniň ilatynyň 66%-i (takmynan 5,44 milliard adam) üçin elýeterlidir. Bu san artmagyny dowam etdirer: 2029-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 7,9 milliard adama ýetmegine garaşylýar. Orta hasap bilen adamlar günde 6,5 sagat wagtyny onlaýnda geçirýär, ýaşlar-ha Internetde ondanam uzak wagt oturýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, Internetiň olaryň akyl we beden saglygyna ýetirýän täsiri babatda aladalar artýar diýip, TASS habar berýär.
ABŞ-nyň Milli Saglygy goraýyş institutynyň (NIH) geçiren soňky barlaglary Internete baglanmagyň beýnide, esasanam çagalarda we ýetginjeklerde gurluş üýtgemelerine sebäp bolup biljekdigini görkezýär.
Alymlar Internetden üznüksiz peýdalanmagyň, esasanam onlaýn oýunlary aşa köp oýnamagyň beýnidäki öwezini doluş ulgamynyň bozulmagyna, pikirleniş ukybynyň, ýadyň peselmegine we çözgüt tapmak, belli bir karara gelmek endiginiň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar.
Netijede, adam bedeni, goşmaça daşyndan höwes bolmasa, dopamin öndürmegi bes edýär, bu bolsa addiksiýaly hassany endigine gaýta-gaýta dolanyp gelmäge mejbur edýär. Netijede, özüni göçgünli alyp baryp başlaýar, töwekgel hereketleri edýär we soňlugy bilen bolsa köpçülikden halys üzňeleşýär.
Köp wagtyny ekranyň öňünde geçirýän çagalaryň dili ösüşde gijä galýar, kesgitli karara gelmekde kynçylyk çekýär. Barlaglar, hatda ekranyň gysga wagtlyk täsir etmegi hem bir ýaşa çenli çagalarda beýniniň ösüşine ýaramaz täsir edip, olaryň IQ ýetmezçiligini görkezmegine sebäp bolýar.
Uly adamlarda Internete baglanmagyň jikme-jiklikleri az öwrenilen hem bolsa, hünärmenler olarda emosional ýadawlyk, depressiýa we ukusyzlyk ýaly alamatlaryň bardygyny belleýärler.
Internete baglanmak meselesi indi ählumumy meselä öwrülip barýar: ol şeýle bir  giň ýaýrady welin, 2020-nji ýylda BSGG ony wagtyňy dolandyryp bilmezlige, ukynyň bozulmagyna, energiýanyň ýitmegine we ünsüňi jemlemek ukybynyň peselmegine sebäp bolup biljek dünýä meselesi hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. Internete baglanmaga garşy göreşmegiň esasy wezipesi ulanyjyny internetden hemişelik mahrum etmek däl-de, onuň bilen sagdyn gatnaşyk gurmaga kömek etmekdir. Munuň üçin şu aşakdakylar zerur:

  • Internete sarp edilýän wagty çäklendirmeli.
  • Interneti öz-özüňi ösdürmek we öwrenmek üçin ulanmaly.
  • Wagtal-wagtal ekrandan daşlaşyp, dynç almaly.
  • Köp wagtyňy hakyky dünýäde geçirmeli.

Internetiň peýdaly gural bolup biljekdigini ýatda saklamaly. Elektron kitaplaryň we okamagy öwrenmek üçin programmalaryň çagalaryň okamak endiklerine oňyn täsir edip biljekdigini görkezýän barlaglar bar. Hünärmenler internetiň ýaşlar üçin beýleki oňyn taraplaryny hem belleýärler: gözýetimleriniň giňemeginde we çaganyň zerur sanly endikleriniň ýokarlanmagynda orny uly.


düýn 08:11
2.8k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......

11.05.2026 11:45
2k+

Barlag: Internetdäki anonimlik ýaşlaryň özüne erk ediş derejesini peseldýär we agressiýany artdyrýar

Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar....

10.05.2026 12:50
5k+

Owadan beden baradaky motiwasiýa beräýmeli postlar näme üçin tersine sustuňy basýar

Motiwasiýa beriji fitnes-kontente gysga wagtlyk seretmek hem adamyň özüni başgalar bilen deňeşdirmegini güýçlendirip, sagdyn däl berhiz endiklerine iterip biler. Şeýle netijäni «Health Communication»......

08.05.2026 01:02
5k+

Alymlar şäher guşlarynyň erkeklerden däl-de, aýallardan has gorkýandygyny anykladylar

Biologlaryň halkara topary şäher guşlarynyň adamlary jynsyna görä kabul edýändigini anykladylar. Şoňa görä, guşlar aýallara has atiýaçly çemeleşýärler we erkeklere garanyňda, olaryň özlerinden daşrakda......