Tokaýew Türkmenistandaky ilçisiniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy

  • 11.07.2024 18:35
  • 8.9k+

9-njy iýulda, şişenbe güni, Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Gazagystanyň Prezidenti doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigini aýtdy.

Gazagystanyň Baştutany Nurlan Nogaýewiň öňünde energetika, ulag-üstaşyr, söwda we medeni hem-de ynsanperwer ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe wezipeleri goýdy.
Kasym-Žomart Tokaýew ýakyn wagtda geçiriljek ýokary derejede geçiriljek gepleşikleri hil taýdan many-mazmun bilen doldurmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy diýip, Akorda habar berýär.
Nurlan Nogaýew Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany bilen 20-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.
8-nji iýulda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Astanada strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......