500 km/sag: Koenigsegg Jesko Absolut hakyky synaga we rekorda taýýarlanýar

  • 11.07.2024 18:22
  • 7k+

Koenigsegg Jesko Absolut awtomobili sagatda tizligini 500 km çenli artdyryp, stend synaglarynda öz güýjüni görkezdi. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Kristian fon Kýonigsegg habar berdi.  

Haýran galdyryjy netijä garamazdan, Jesko Absolut heniz hakyky ýolda synagdan geçirilmedi. Onuň sebäbi laýyk şinalaryň gözlegi, şeýle-de tizligi artdyrmak üçin uzyn ýol bölegini tapmak zerurlygy boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bu synagyň hem “ýakyn wagtda” bolmagyna umyt bildirýär.
2020-nji ýylyň mart aýynda hödürlenen Jesko Absolut eýýäm birnäçe rekord goýdy, şol sanda tizligi 250 mil/sag we 400 km/sag çenli iň çalt artdyryş boýunça rekordlar bar. Şeýle-de, ol bu tizliklere ýetilenden soň durmak boýunça-da iň tiz önümçilik awtomobilidir.
Koenigsegg Bugatti Chiron Super Sport tarapyndan goýlan 490 km/sag rekorddan geçip, dünýäde iň tiz awtomobil bolmagy maksat edinýär.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...