Singapurda mör-möjekleriň 16 görnüşi iýmit hökmünde ulanylmaga we import edilmäge tassyklanyldy

  • 11.07.2024 13:57
  • 12k+

Singapuryň Azyk gullugy (SFA) mör-möjekleriň 16 görnüşini import etmegi we azyklyk hökmünde ulanmagy tassyklandygyny habar berdi. TASS-yň bellemegine görä, tassyklanan görnüşleriň sanawyna çyrlaklar, çekirtgeler, un gurçuklary, ýüpek gurçuklary, bal arylary girýär.

SFA mör-möjekleriň howpsuz we ýokumly belok çeşmesidigini aýdýar. Olaryň sarp edilişini tassyklamak baradaky karara jemgyýetçilik maslahatyndan we töwekgelçilikleriň jikme-jik seljermesinden soň gelindi.
Daşary ýurtlardan getirilýän mör-möjekler adamlar üçin azyk, mallar üçin iým ýa-da azyk senagaty üçin çig mal hökmünde ulanylyp bilner. Şeýle hem, Singapurda inwaziw hasaplanmaýan mör-möjekleriň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge rugsat berilýär.
Singapur adamlaryň iýmit çeşmesi hökmünde mör-möjekleri ulanmagyny makullan ilkinji ýurt däldir. Şeýlelik bilen, soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi dört görnüşli mör-möjegi azyk üpjünçiliginde ulanmaga rugsat berdi. Şeýle çäreler Ýeriň köpelýän ilatyny belok bilen üpjün etmäge we oba hojalygynyň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berer diýip garaşylýar.


17.04.2026 00:04
6.8k+

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

14.04.2026 16:25
4.2k+

Singapurly pensionerler şikeslerden goranmak üçin parkury özleşdirýär

Singapuryň eteginde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň çalasynlygyny ösdürmek we durmuşda bolup biljek şikesleriň töwekgelçiligini azaltmak üçin, olara parkur öwredilýär. «South China Morning Post» neşiriniň ýazmagyna......

21.01.2026 10:07
2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

02.12.2025 17:44
7.1k+

Singapurly dizaýner Nike krossowkasyna Nintendo oýun konsolyny oturtdy

Singapurly dizaýner Gustawo Bondzanini içine oýun konsoly gurnalan Nike Air Max 90 krossowkalaryny döretdi. Bu iş Ýaponiýada "Super Nintendo-nyň" çykarylmagynyň 35 ýyllygyna gabatlandy diýip, "The Verge" neşiri habar berýär...