2025-nji model ýylynyň Kia Soul awtoulagy hödürlendi

  • 10.07.2024 15:29
  • 4.4k+

 

2025-nji model ýylynyň täze Kia Soul ulagy tanyşdyryldy. Ulag adaty we ýörite Soulmate neşirlerinde hödürlendi diýip, Carscoops habar berýär.

Modeliň hemme wersiýalary 147 at güýjüni öndürýän 2.0 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr.
Standart howpsuzlyk ulgamy Forward Collision Avoidance, Lane Keep Assist, Lane Departure Warning, High Beam Assist we Rear Occupant Alert ýaly funksiýalary öz içine alýar.


Başlangyç derejesindäki Soul LX 16 dýuým polat diskleri, adaty faralar, poliuretan rul, sowadyjy, garaldylan aýnalar we 8 dýuýmlyk maglumat ulgamy bilen üpjün edilendir.

Soulmate-iň ýörite neşiri iki reňkli üçegi, kuzowynyň üýtgeşikligi, 18 dýuýmlyk diskleri, Harman Kardon ses ulgamy we SynTex oturgyçlary bolan Umber interýeri bilen tapawutlanýar.
Soul2025-iň bahasy 20 290 dollardan başlaýar, bu bolsa öňküsiniň bahasyndan 100 dollar gymmatdyr. Soulmate toplumy 1000 dollar bahasy bilen diňe EX modelinde elýeterlidir. Onuň goşulmagy umumy bahany 25 590 dollara ýetirýär.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....