Paramount we Skydance birleşýär: şertnamanyň bahasy $8 mlrd

  • 10.07.2024 13:22
  • 3.7k+

Paramount Global we Skydance Media birleşmek barada şertnama baglaşylandygyny habar berdiler, oňa resmi taýdan 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda gol çekiler. Şertnamanyň bahasy 8 mlrd dollar diýlip hasaplandy.

Kompaniýalaryň arasyndaky gepleşikler on aý dowam etdi. Birleşmek prosesi tamamlanandan soň, Skydance Media-nyň esaslandyryjysy Dewid Ellison Paramount-yň täze baş müdiri we müdirler geňeşiniň başlygy bolar.
Bu möhüm wakadyr, sebäbi 1980-nji ýyllardan bäri ilkinji gezek Paramount Global-yň aktiwleri täze kompaniýanyň eline geçýär. Paramount Global-yň düzümine Paramount kinostudiýasy, CBS, Nickelodeon we MTV kanallary, şeýle-de Paramount+ striming hyzmaty ýaly belli brendler girýär.


10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

22.02.2026 17:37
2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler...

21.01.2026 10:11
1.1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.5k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...