Haj parzyny berjaý eden türkmenistanly zyýaratçylar Aşgabada dolandy

  • 10.07.2024 12:32
  • 10k+

Haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda bolan ýurdumyzyň zyýaratçylarynyň galan topary duşenbe güni Türkmenistana gaýdyp geldi.

Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar.
Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiziň maşgala ojaklarynda sahawatly desterhanlar giňden ýazylyp, milli tagamlar taýýarlanyldy.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we Aşgabadyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......