Hytaý Ýeri asteroidlerden goramagyň ulgamyny synagdan geçirýär

  • 10.07.2024 11:10
  • 3.3k+

Hytaý 2030-njy ýyla çenli planetar goranyş ulgamyny synagdan geçirmegi meýilleşdirýär. Bu missiýa Ýere ýakyn gelen asteroidiň uçuş ugruny üýtgetmek üçin onuň bilen çaknyşjak kosmos gämisini uçurmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Journal of Deep Space Exploration žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Diametri takmynan 30 metre ýetýän 2015 XF261 asteroidi onuň nyşanasy bolar. Missiýa iki apparat gatnaşar: zarba uruş zondy we gözegçilik ediş apparaty. Ilki bilen, asman jisiminiň golaýyna gözeçilik ediş zondy barar, ol 3-6 aýlap onuň töwereginde aýlanar. Soňra zarba ediji zond gelip, asteroide urar. Gözegçilik ediji apparat urgynyň netijelerini ýazga geçirer.
Bu missiýa Ýeri howply asteroidlerden goramagyň usullaryny işläp düzmekde möhüm tapgyr bolar. Bu NASA-nyň 2022-nji ýylda Dimorfos asteroidiniň orbitasyny üstünlikli üýtgeden DART taslamasyna meňzeýär. NASA häzirki wagtda howply kosmos obýektlerini ýüze çykarmak üçin NEO Surveyor teleskopyny hem işläp taýýarlaýandygyny ýatladýarys.
Häzirki wagtda planetamyza gönüden-göni howp salýan belli bir asteroidler ýok bolsa-da, alymlar ätiýaçdan goranyşy işläp taýýarlamagyň möhümdigini belleýärler. Hytaýyň missiýasy bu ugurda ädilen ýene bir ädim bolup, Ýeri kosmos howplaryndan goramak meselesiniň global häsiýetlidigini görkezýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.6k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....