Lexus UX, Ford Explorer, Hyundai Tucson... J.D. Power iň gowy täze krossowerleriň sanawyny düzdi

  • 09.07.2024 10:36
  • 8.7k+

J.D. Power gullugy 2023-nji ýylyň iň ýokary hilli täze krossowerleriniň sanawyny neşir etdi. Barlag ykjam ulaglardan başlap, uly wnedorožniklere çenli ähli ölçeglerdäki we klasdaky modelleri öz içine aldy.

Ford Bronco Sport kiçi krossowerleriň kategoriýasynda öňde durýar, ondan soň Kia Seltos we Soul gelýär. Premium klasda Lexus UX öňde barýar, ondan soňra Audi Q3 ikinji orny eýeledi.
Ykjam krossowerleriň arasynda Chevrolet Equinox, GMC Terrain we Hyundai Tucson iň gowulary diýlip ykrar edildi. Bu klasyň premium segmentinde BMW X4, Alfa Romeo Stelvio we Porsche Macan iň ýokary bal aldy.
D-SUV kategoriýasynda Nissan Murano, Chevrolet Blazer we Ford Edge, premium segmentinde bolsa - Cadillac XT5 we Lexus RX bellendi.
Chevrolet Traverse, Ford Explorer we Kia Telluride Upper Midsize SUV kategoriýasynda öňdebaryjy boldular, Cadillac XT6, Porsche Cayenne we Genesis GV80 bolsa premium segmentinde öňdeligi eýelediler.
Uly wnedorožnikler klasynda Chevrolet Tahoe we Chevrolet Suburban ýokary  çykdy, iň gowy premium modelleriň hataryna bolsa Infiniti QX80, Cadillac Escalade we Range Rover girdi.
J.D. Power bu awtoulaglar babatda materialy, kuzowynyň panelleri, elektronikasy bilen baglanyşykly ownuk nägilelikler bolaýmasa, umuman alanyňda, hereketlendirijisiniň işleýşi, podweskasy we beýleki ulgamlarynyň işleýşi nukdaýnazaryndan olaryň häzirki wagtda iň ýokary hilli bolmagynda galýandygyny belleýär.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......