Hytaýly alymlar adamyň emeli beýnisi oturdylan robot döretdiler

  • 09.07.2024 10:21
  • 7.8k+

Hytaýly alymlar “çipde beýnisi” bolan roboty döretdiler. Týanszin we Günorta Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň tehnologiýalaryny birleşdirýän taslamada neýron interfeýs çipine birikdirilen beýni organoidi - adam kök öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen dokuma ulanylýar diýip, South China Morning Post habar berýär.

Täze ulgam robota päsgelçiliklerden gaça durmagy we beýniden gelýän elektrik signallary ulanmak arkaly zatlary elde saklamagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Týanszin uniwersitetiniň wise-prezidenti Ming Dongyň aýtmagyna görä, bu ulgam adam beýnisiniň işleýşine öýkünýän täze hasaplaýyş tehnologiýalaryny ösdürmek üçin esas bolup biler.
Alymlaryň pikiriçe, geljekde bu tehnologiýa gibrid adam-robot intellektiniň döremegine sebäp bolup biler. Häzirki wagtda bolsa, alymlar doly däl organoid ösüşi we çäkli elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge synanyşýarlar.


düýn 11:15
2.2k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......