Wolgogradda hirurglar hassa armirlenen emeli damarlary oturdyp, ony halas etdiler

  • 08.07.2024 14:25
  • 7.4k+

Wolgogradda (RF) lukmanlar aorta anewrizmli we böwrek arteriýalary zeperli näsaga armirlenen emeli damarlary oturtmak bilen täsin operasiýany şowly amala aşyrdylar diýip, RBK habar berýär.

Aýal ýarawsyzlygyny meýilnamalaýyn tomografiýa (KT) gözden geçirilişinde tötänden bilip galýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, keseliň biynjalyk edýän  alamatlary ýa-da agyrysy ýok eken, ýöne aorta 8 santimetre çenli giňäpdir. Şeýle ýagdaýdaky hassalaryň her üçünjisi bir ýylyň içinde heläk bolýar.
Näsagyň dowamly keselleriniň bardygy sebäpli ony adaty operasiýa edip bolmansoň, Wolgograd döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (WolgGMU) lukmanlary täze usul ulandylar diýip, uniwersitetiň web sahypasy habar berýär.
Operasiýa wagtynda hirurglar uýluk arteriýasyny deşmek arkaly emeli damarlary ejir çeken ýerlere eltdi. Damar protezleri (stent graflary) biri-birine birikdirilip, göni operasiýa otagynda gurluş üýtgeşmeleri girizildi.

“Bu üýtgeşik tejribe diňe bir Wolgograd üçin däl, eýsem tutuş Günorta Federal okrug üçin ajaýyp tejribe. Agyr keselleri şunuň ýaly usul bilen bejermek näsag üçin töwekgelçiligi aňrybaş azaldýar" diýip, Wolgograd döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bellediler.

Bu amalyň netijesinde böwrek arteriýalaryndan ganyň aýlanyşyny saklap galmak we adaty stent-grafty goýmak prosedurasyny ýerine ýetirmek mümkin boldy.
Näsag eýýäm keselhanadan çykaryldy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......