Iň gadymy üzüm tohumy tapyldy

  • 08.07.2024 14:19
  • 9.1k+

Kolumbiýanyň And daglarynda ýaşy 19-60 million ýyl bolan üzümiň daşa öwrülen galyndylary tapyldy. Bu Günbatar ýarymşarda üzümler maşgalasynyň wekillerine degişli iň gadymy tapyndy we Ýer ýüzündäkileriň içinde hem iň gadymylarynyň biridir.

Paleontologlar topary Günorta Amerikaly meşhur paleobotanik Artur T. Susmanyň hormatyna tapylan galynda Lithouva susmanii (“Susmanyň daş üzümi”) diýip at berdiler.
Barlagçylar tapyndyny öwrenenlerinden soň, üzümiň işjeň ýaýrap başlamagyna uly dinozawrlaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäp bolandygy baradaky nazaryýeti öňe sürdüler. Olaryň işleriniň netijeleri Nature Plants žurnalynda çap edildi.
Uly süýrenijiler gür tokaýlaryň ösmegine päsgelçilik döredip, ösümliklere güýçli täsir edendir diýip çaklanylýar. Olar ýitip gidenden soň, tokaýlar has gürelipdir, bu bolsa üzüm ýaly dyrmaşyp ösýän ösümlikleriň peýda bolmagyna getiripdir.
Gözlegiň awtordaşlaryndan biri Gregori Stall Andlardan tapylan üzüm galyndylarynyň bu ösümlik görnüşiniň gelip çykan merkeziniň Günorta Amerikadygyny tassyklaýandygyny aýtdy.
Alymlaryň sözlerine görä, bu tapyndy häzirki zaman ösümlikleriniň nähili we nämäniň täsiri bilen ösendigine, şeýle hem gadymy ekoulgamlaryň üýtgemegine nähili täsir edendigine düşünmäge kömek eder.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....