Gurbanguly Berdimuhamedow "Arkadag" myhmanhanasynda Antoniu Guterriş bilen duşuşdy

  • 06.07.2024 19:24
  • 7k+

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Aşgabatdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklarynyň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigini bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.
BMG biziň ýurdumyz üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu Gurama ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......