Antoniu Guterriş Aşgabatda BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasyny açdy

  • 06.07.2024 19:09
  • 12k+

Şu gün Aşgabatda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan BMG-ä we oňa girýän ýöriteleşdirilen düzümlere ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa, bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasa öwrüldi.
Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen parahatçylyk we özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......