Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýadaky we Nepaldaky ilçilerini belledi

  • 06.07.2024 07:58
  • 5.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky we Nepaldaky ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellenildi.
Belläp geçsek, Türkmenistan Serbiýa bilen 1996-njy ýylyň awgustynda, Nepal bilen 2005-nji ýylyň oktýabrynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....