Alymlar çagalary köşeşdirmek üçin smartfon ulanmagyň nämä eltýändigini düşündirdiler

  • 05.07.2024 14:35
  • 11k+

Täze barlag çagalaryň gahar-gazabyny köşeşdirmek üçin sanly enjamlary ulanmagyň çaganyň emosional ösüşi üçin ýaramaz netijelere getirip biljekdigini görkezdi. Degişli ylmy iş MedicalXpress žurnalynda çap edildi.

Halkara barlag toparynyň alymlary “ene-atanyň duýgulary sanly düzgünleşdirjek bolmagynyň” 2 ýaşdan 5 ýaş aralygyndaky çagalara edýän täsirini öwrendiler. Synaga 300-den gowrak ene-ata gatnaşdy. Barlag gaharly wagtynda yzygiderli sanly enjamlar berilýän çagalaryň öz gahar-gazabyna we lapykeçligine bäs gelmekde beter kynçylyk çekýändiklerini ýüze çykardy.
Barlagyň awtorlary çagalaryň negatiw duýgularyna gajetiň kömegi bilen däl-de, özbaşdak hötde gelmegi öwrenmekleriniň wajypdygyny nygtaýarlar. Ene-atalar çagalaryna duýgularyny kesgitläp bilmegi we gözegçilikde saklamagy, kynçylygy ýeňip geçmegi öwretmelidirler diýip maslahat berýärler.
Hünärmenler çaga köşeşmek üçin planşet bermek gowy pikir däldir diýip belleýärler.

“Gahar-kakyny sanly enjamlar bilen bejerip bolmaz. Çagalar negatiw duýgularyny özbaşdak jylawlamagy öwrenmeli. Şeýle ýagdaýda olara sanly enjam däl-de, ene-atanyň goldawy gerek" - diýip, barlagyň ilkinji awtory doktor Weronika Konok aýdýar.

Esasy zat - çagany biynjalyk edip biljek ýagdaýlardan gaçmaly däl diýip, barlagçylar bellediler. Muňa derek, ene-atalar çagalaryna kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmagy, duýgularyna düşünmegi we olara bäs gelmegi  öwretmelidirler.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......