Dünýäde ilkinji GPT-4o-li akylly äýnek hödürlendi

  • 05.07.2024 14:27
  • 5.5k+

Solos kompaniýasy dünýädäki ilkinji emeli aň (AI) kömekçisi birikdirilen ChatGPT-4o-li akylly äýnekleri hödürledi. Täze AirGo Vision modeli töweregiňizdäki dünýäni ýazga almaga hem-de obýektleri kesgitlemek we olar hakdaky soraglara jogap almak üçin generatiw AI-niň güýjünden peýdalanmaga mümkinçilik berýän içerki kamera bilen enjamlaşdyrylandyr diýip, The Verge ýazýar.

Bu äýnek Google Gemini we Antropic Klod ýaly beýleki belli AI modelleri bilen gabat gelýär, olaryň işleýşini giňeldýär. AirGo Vision-iň çarçuwasyna gelýän habarlar barada size habar berýän we surata ýa-da wideo düşürilende çyra bolup hyzmat edýän LED duýduryş çyralary birikdirilen.
AirGo Vision-nyň üýtgeşik aýratynlygy kameraly dakylyp-aýrylýan gollar. Ulanyjylar olary surat modullary bolmadyk görnüşi bilen çalşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde äýnegiň intellektual mümkinçilikleri saklanýar.
Solos entek AirGo Vision-yň goýberiljek senesini we bahasyny mälim etmedi. Kamerasyz AirGo modeliniň bahasy 250 dollar, şonuň üçin kameraly görnüşi  azyndan 299 dollar bolar.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......