Gurbanguly Berdimuhamedow «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşdy

  • 04.07.2024 16:07
  • 20k+

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitiniň çäklerinde «ŞHG+» formatyndaky duşuşyk guraldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gazagystanyň Garaşsyzlyk köşgünde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow sammite gatnaşmak üçin gelen beýleki döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikdäki surata düşmek dabarasyna gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän «ŞHG+» formatyndaky duşuşygyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Eýranyň Prezidentiniň wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Mohber, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagin Hurelsuh, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Kataryň Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, BAe-niň Ras el-Haým Emirliginiň emiri Saud bin Sakar al-Kasimi, Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu sammite gatnaşmazdan ozal, Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......