Sekuntda 402 Tb. Ýaponiýada dünýäde iň tiz internet peýda boldy

  • 04.07.2024 14:26
  • 4.9k+

Ýaponiýanyň Milli maglumat tehnologiýalary instituty täjirçilik optiki süýümli kabeller boýunça maglumaty 402 Tbit/s tizlikde geçirip, täze dünýä rekordyny goýdy diýip, Tom's Hardware neşiri ýazýar.

Bu üstünlik tolkun uzaklygynyň öň ulanylmadyk diapazonlaryny ulanmagyň hasabyna mümkin boldy. Barlagçylar 6 görnüşli güýçlendirijini we 37 THz zolakda işleýän optiki ekwalaýzeri ulanyp, 50 km uzaklykdan 1 505 kanal boýunça signallary iberdiler.
Täze rekord öňki rekorddan 25% ýokary bolup, geçirijilik ukybyny 35% artdyrdy. Bu netijäni gazanmak üçin internet-prowaýderlerde eýýäm bar bolan tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek möhümdir. Bu bar bolan optiki süýümli infrastrukturanyň maglumatlaryň tizligini ýokarlandyrmak üçin ulanylman ýatan  köp potensialynyň bardygyny aňladýar.
Bu üstünlik optiki süýümli kabellere ähli prowaýderleriň doly geçip bilmedik, bar bolan mis infrastrukturasynyň bolsa tizligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermeýän şertlerinde, möhümdir. Optiki kabelleriň we ulgamlaryň täze nesliniň kömegi bilen optiki süýümli kabelleriň ömrüni uzaltmak şunuň ýaly barlaglar arkaly mümkin bolar.


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....