Ýaponiýada soňky 20 ýylda ilkinji gezek ýena banknotlary täzelendi: olar ýasamalykdan goragly

  • 04.07.2024 14:02
  • 7k+

Ýaponiýanyň Banky 3-nji iýuldan 10 müň, 5 müň we 1 müň ýena bahaly täze banknotlary dolanyşyga girizýär. Banknotlaryň dizaýnyna 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgeşmeler girizildi diýip, TASS habar berýär.

Täze kagyz pullar gologramma we beýleki tapawutly aýratynlyklar bilen goşmaça goraga eýe boldy, netijede olaryň ýasama nusgasy mümkin däl diýen ýaly.
Täze 10 müňlük banknotyň ýüzüni “ýapon kapitalizminiň atasy” hökmünde belli bolan Eýiti Sibusawanyň (1840-1931) portreti bezeýär, arka tarapynda bolsa Tokio wokzalynyň binasy şekillendirilen.
5 müňlük banknotda ABŞ-da bilim alan ilkinji ýaponiýaly zenan, alym-agronom we pedagog Umeko Suda (1864-1929) şekillendirilen, arka tarapynda bolsa glisiniýa gülleri bar.
1 müňlük kagyz pul lukmançylyk pudagynda öz açyşlary bilen belli bolan lukman Sibasaburo Kitasato (1853-1931) bagyşlanýar. Beýleki tarapynda meşhur grawýura “Kanagawada uly tolkun” şekillendirilipdir.
Öňki 10 müň ýena bahaly kagyz pulda aň-bilim ýaýradyjy Ýukiti Fukudzawa (1835-1901), 5 müňlükde – Meýdzi döwrüniň ýazyjysy Itiýo Higuti (1872-1896), 1 müňlükde bolsa – mikrobiolog Hideýo Noguti (1876-1928) şekillendirilendi.
Täze kagyz pullar kem-kemden köneleriň ornuny tutar, dolanyşykdaky banknotlar tölege ukyplylygyny saklar. Geljek ýylyň mart aýyna çenli tas 7,5 mlrd täze banknot çykarmak meýilleşdirilýär. Ýaponiýanyň ilaty nagt pullary has makul hasaplaýar. Soňky ýyllarda häkimiýetler nagt däl tölegleri işjeň ösdürmäge çalyşýarlar, ýöne olaryň derejesi heniz bellenilen 40% görkezijä ýetmedi.


26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

12.06.2026 10:04
6.1k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......