Koenigsegg giperkary tizligini 400 km/sag çenli artdyrmakda we tormoz bermekde öz rekordyny täzeledi

  • 04.07.2024 12:40
  • 7.6k+

Koenigsegg Jesko Absolut duran ýerinden tizligini sagatda 400 km çenli artdyrmak we doly saklanmak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Munuň üçin giperkara 27,83 sekunt gerek boldy diýip, auto.ru habar berýär.

Awtoulagyň tizligini berk 400 km/sag bellikde saklamak başartmady, şonuň üçin ol iň ýokary tizliginde sagatda 412,72 km ýetdi. Şeýlelik bilen, Jesko Absolut 0,98 sekunt tiz bolup, Koenigsegg Regera-nyň geçen ýylky rekordyny täzeledi.
Diňe tizligi artdyrmak üçin 18,82 sekunt sarp edildi (Regera-da bu görkeziji 20,68 sekunt bolupdy).
Şeýlelikde, Jesko Absolut goşmaça üç rekord goýdy:

  • 18,82 sekuntda 0-400 km/sag;
  • 28,27 sekuntda 0-250 mil/sag doly saklanmak bilen;
  • 19,2 sekuntda 0-250 mil/sag.

Bu üstünlikleriň ählisi E85 ýangyjy bilen doldurylan tapgyrlaýyn awtoulagda hasaba alyndy.
Koenigsegg kompaniýasy Jesko Absolut-yň ajaýyp aýratynlyklaryny görkezýän rekord barada wideo hasabatyny hödürledi. Awtoulagy synag-sürüjisi Markus Lund dolandyrdy.
Howpsuzlyk maksady bilen giperkara karkas oturdyldy, Lunduň haýyşy boýunça sürüji oturgyjy One:1 modelinden meňzeş oturgyç bilen çalşyryldy.  


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

12.05.2026 14:52
2.4k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...