Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga tebigy gaz ibermek hakynda şertnama gol çekdi

  • 04.07.2024 07:51
  • 10k+

Türkmenistan tebigy gazyny «swap» usuly arkaly Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermek hakynda möhüm resminama gol çekişdi.

1 — 3-nji iýulda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada Metbugat habarnamasyna gol çekildi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky bilelikdäki işiniň oňyn tejribesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň berk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr bolan täze gaz geçirijini çekmek we gaz gysyjy desgalaryň 3-sini gurmak işleri ýerine ýetiriler. Munuň özi Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugry we “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

02.06.2026 07:40
5.5k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......