Kononenko Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi

  • 03.07.2024 16:11
  • 24k+

Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna hoşallyk sözlerini ýollady. Bu barada resmi metbugatda çap edildi.

Kosmonawt watandaşymyz öz ýazgylarynda Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär, şeýle-de Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji iýunynda 60 ýaşyny bellän kosmonawt şondan 15 gün ozal — 5-nji iýunda älem giňişliginde 1000 günläp bolan ilkinji adam hökmünde taryha girdi.
Oleg Kononenko dünýäniň 473-nji, Russiýa Federasiýasynyň 102-nji kosmonawtydyr. Türkmen topragynda dünýä inen bu kosmonawt adamyň älem giňişligine gadam goýup gelýän 63 ýylynyň içinde 1000 günläp bu giňişlikde bolan ýeke-täk kosmonawt. Ol Ýere gaýdyp gelende bolsa, bu günleriň sany 1110 güne ýeter. Oleg Dmitriýewiç kärdeşlerine degişli rekordy şu ýylyň 4-nji fewralynda täzeledi, indi bolsa ol her gün öz rekordyny täzeleýär.

«Meniň üçin eziz ýurdum — Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhüm bolup durýar. Ýurtda gazanylýan üstünlikler meni guwandyrýar. Men Türkmenistanda doglandygyma, şu ýurt bilen baglanyşygymyň bardygyna örän buýsanýaryn» diýýän watandaşymyz O.Kononenkonyň ykbaly Türkmenistan bilen aýrylmaz baglanyşykly. 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde doglan meşhur kosmonawt öz dünýä inen ýerini elmydama süýji ýatlamalar bilen ýatlaýar.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......