Wengriýa ÝB Geňeşiniň başlygy boldy

  • 02.07.2024 07:24
  • 2.5k+

Wengriýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde ýarym ýyl möhlet bilen başlyklyk etmäge başlaýar. Ol 1-nji iýulda ÝB-de estafetany Belgiýadan kabul etdi, dekabr aýynyň ahyrynda bolsa başlyklyk etmek nobatyny Polşa geçirer. Bu barada TASS habar berýär.

Başlyklygyň resmi logotipi Rubigiň kubigi görnüşinde bolup, onuň bir tarapynda Wengriýanyň gyzyl-ak-ýaşyl baýdagy, beýleki bir tarapynda aýlaw boýunça ýerleşdirilen Ýewropa Bileleşiginiň ýyldyzlar görnüşindäki nyşany şekillendirilen. Logotip hökmünde bu kubigiň saýlanmagy tötänleýin däl: şu ýyl wengriýaly inžener Ernýo Rubigiň oýlap tapan “tapmaçasyna” 50 ýyl doldy.
Başlyklygyň saýtynda bellenilişi ýaly, bu tapmaça “Wengriýanyň ÝB Geňeşinde üstünlikli başlyklyk etmegi üçin strategiki görüş, sabyrlylyk, tertip-düzgün we takyklyk ýaly zerur bolan häsiýetleri” aňladýar.
Wengriýa birnäçe meseleler boýunça ÝB-niň ýolbaşçylary bilen düýpli düşünişmezlikleriň bar şertlerinde wezipä girişýär. Ol başlyklyk edýän döwründe Ýewropa syýasatynyň esasy meseleleri boýunça ylalaşyk tapmak ýaly birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:42
2.5k+

Wengriýanyň parlamenti premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny iki möhlet bilen çäklendirdi

Wengriýanyň parlamenti konstitusiýa üýtgeşme girizip, premýer-ministriň iň köp iki gezek (her biri 4 ýyl) saýlanyp bilmegini kanunlaşdyrdy. Bu karar üçin 134 deputat tarapdar, 50 deputat bolsa garşy ses berdi....

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......