Tejribe Merkuriniň öz goýnunda göwheriň ummasyz ätiýaçlyklaryny gizleýän bolmagynyň mümkindigini tassyklaýar

  • 01.07.2024 18:50
  • 10k+

Hytaýly we belgiýaly alymlar 4 milliard ýyl ozal Merkuridäki şertleri simulirleýän synagy geçirdiler. New Scientist neşirindäki materialda aýdylyşyna görä, netijeler planetada galyň göwher gatlagynyň emele gelip biljekdigini görkezdi.

Barlag Merkuride köp mukdarda uglerodyň bardygyny ýüze çykaran MESSENGER kosmiki gämisinden alnan maglumatlara esaslanýar. Synag wagtynda topar ýaş planeta mahsus bolan ýokary basyş we temperatura şertlerini döretdi.
Alymlaryň pikirine görä, Merkuriniň erän ýadrosynda göwher emele gelip, soňra ol ýadro bilen mantiýanyň arasyna göterilip, gatlak emele getirmek bilen ýüze çykypdyr. Bu gatlagyň galyňlygy 200 metre ýetip, planetanyň umumy massasynyň 1% -ini emele getirip biler.
Mundan öňem alymlar Merkuride göwheriň bardygyny öňe sürüpdiler, ýöne täze barlag bu teoriýany tassyklaýar we has jikme-jik maglumat berýär.

Merkuride göwher gatlagynyň bolup biljekdigi baradaky maglumatlar, planetalaryň emele geliş proseslerine we olaryň geologiki gurluşyna düşünmek üçin gymmatly materialdyr.
Merkuriniň orbitasynyň çylşyrymlydygy bilen bagly ýagdaýy hem öz içine alýan birnäçe faktorlar sebäpli, onuň adamzat tarapyndan ýeterlik derejede öwrenilmändigine ünsüňizi çekýäris: planeta gaty süýnen ellips şekilli orbitada hereket edýär, bu bolsa onuň Günden 70 million kilometr ýa-da 46 million kilometr uzaklykda ýerleşýän bolmagynyň mümkindigini aňladýar. Mundan başga-da, Merkuriý ýyldyzyň golaýynda ýerleşýär: planetada gaty yssy, günortan temperatura plýus 430 gradusa çenli ýokarlanyp biler, gijelerine atmosferanyň ýoklugy sebäpli temperatura minus 170 gradusa düşýär. Şeýle ýokary temperatura ylmy stansiýalaryň gurallaryny gös-göni eredip taşlar.
Şeýle-de bolsa, alymlar dürli ýyllarda üç apparaty Merkurä iberip bildiler: 1973-nji ýylda üç gezek planetanyň ýanyndan uçup geçen Mariner 10-y; 2004-nji ýylda NASA MESSENGER zondyny, ol 2015-nji ýyla çenli işledi; iň soňkusy - 2018-nji ýylda BepiColombo kosmiki gämisini (häli 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita girer).
Merkuriý hakda iň köp maglumat getiren MESSENGER-dir.


düýn 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
579

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......